“Unilever” kir ýuwujy serişdelerini bokurdakly kagyz gaplarda satyp başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Unilever” kir ýuwujy serişdelerini bokurdakly kagyz gaplarda satyp başlar
“Unilever” kompaniýasy şeýle hem saçlara ideg etmek üçin öndürýän serişdelerini hem kagyz gaplara gaplamagy meýilleşdirýär.

Arassaçylyk we şahsy gigiýena serişdelerini öndürýän dünýäniň iri kompaniýasy “Unilever” indiki ýyldan başlap kir ýuwujy serişdelerini bokurdakly kagyz gaplarda satyp başlamagy meýilleşdirýär.

Kir ýuwujy serişdeler üçin niýetlenen gaýtadan ulanyp bolýan kagyz gaplar Unilever”-iň OMO markaly (dürli sebitlerde “Persil”, “Skip” we Breeze” diýlip hem tanalýan) önümlerinde ulanylar. Kagyz gaplar 2022-nji ýylyň başynda ilki Braziliýada, soňra Ýewropada we beýleki sebitlerde hödürlener. Bu barada kompaniýanyň geçen penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

“Unilever” kagyz gap taslamasyny “Pulpex” konsorsiumy bilen hyzmatdaşlykda döretdi. Konsorsiumyň içine “Unilever”, “Diageo”, “Pilot Lite” we başga-da birnäçe iri kompaniýalar girýär.

Kagyz gaplaryň içine suwy serpikdirmäge ukyply ýörite himiki madda sepilýär. Bu bolsa kagyz esasly gaplama materiallarynda kir ýuwujy serişdeleri, şampun, kondisioner ýaly suwuk önümleri saklamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem “Unilever” saçlara ideg etmek üçin öndürýän serişdelerini hem kagyz gaplara gaplamagy meýilleşdirýär.

“Dove”, “Cif”, we “Domestos” brendleriniň eýesi bolan “Unilever” arassaçylyk we kir ýuwujy serişdeleriniň düzüminde gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriniň ulanylmagyny 2030-njy ýyla çenli doly bes etjekdigini geçen ýylyň sentýabr aýynda habar beripdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022