Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 540 müň tonna nebiti eksport eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 540 müň tonna nebiti eksport eder
Türkmen nebitiniň eksporty Russiýanyň Gara deňzinde ýerleşýän Noworossiýsk porty arkaly amala aşyrylar.

2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 540 müň tonna nebit eksport eder. Bu barada 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde ediljek Russiýanyň nebit eksportynyň tertibi baradaky resminama salgylanyp, “Interfaks” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen nebitiniň eksporty Russiýanyň Gara deňzinde ýerleşýän Noworossiýsk porty arkaly amala aşyrylar. Russiýanyň üsti bilen nebiti üstaşyr geçirmekde Türkmenistan Gazagystandan soňra ikinji ýerde durýar.

Gazagystan 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde Russiýanyň üsti bilen Ust-Luga portuna nebitiň üstaşyr daşalmagyny 1 million 700 mün tonnadan 1 million 900 müň tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Noworossiýsk arkaly nebitiň iberilmegini bolsa 2 million 300 müň tonnadan  1 million 800 müň tonna çenli azaltmagy göz öňünde tutýar.

Russiýanyň Noworossiýsk porty arkaly türkmen nebitiniň eksporty 2019-njy ýylyň fewral aýynda gaýtadan başlandy. Şu ýylyň ikinji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirmek bilen 500 müň tonna nebiti eksport etdi.