Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi ösýär

Wladimir Komarow
Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda importyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi ösýär
Ýurdumyzyň tebigy gorlaryny giňden peýdalanýan ençeme kärhanalar açyldy we açylmagyny dowam edýär.

Kiçi we orta telekeçiligi, hereket edýän kärhanalaryň telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak boýunça işjeň we yzygiderli alnyp barylýan syýasat telekeçileri täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we daşary ýurtdan gelýän önümler bilen bäsleşip bilýän önümleri öndürmek işine çekmäge ýardam etdi. Ýurdumyzyň tebigy gorlaryny giňden peýdalanýan ençeme kärhanalar açyldy we açylmagyny dowam edýär.

Şunuň ýaly kärhanalaryň biri-de Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda ýerleşýän “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasynyň gaz-beton önümlerini we gury gurluşyk serişdelerini öndürýän toplumydyr. Kärhanada kuwwaty bir gije-gündizde 500 kub metr bolan awtoklaw gaz-betonyny öndürýän ýokary tehnologiýaly desga hem-de kuwwaty bir gije-gündizde 1000 tonna bolan birnäçe görnüşli gury gurluşyk serişdelerini öndürýän seh ýerleşýär. Olar önümçilikde ýerli tebigy materiallary – kwars çägesini, Balkan welaýatyndan gazylyp alynýan hek daşyny we gipsi ulanýarlar.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän “Döwletli döwran” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen önümçilik toplumynyň kuwwaty ýylda iki ýüz müň tonna keramiki gurluşyk materiallaryny öndürmäge ukyplydyr.  Ol ýurdumyzda keramiki bezeg önümleriniň birnäçe görnüşlerini: klinker kerpijini, germewler üçin termobloklary, ýodalar üçin dörtburç daşlary çykarmaga gönükdirilen ilkinji doly awtomatlaşdyrylan kärhanadyr. Bu kärhana ýylda 80 million bezeg kerpijini öndürip bilýär.

Gury gurluşyk serişdelerini we gipskartony öndürýän iň iri kärhanalaryň biri “Sabur Timur Taşew” (STT) hususy kärhanasy hem önümçilikde ýurdumyzyň tebigy gorlaryndan peýdalanýar. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän bu kärhana ýerli çig mallardan gipsi, binalaryň daşyny we içini gruntlamak we gutarnykly işlemek üçin niýetlenen şpatlýowkany öndürýär. Kärhanada ýylda 60 tonna golaý ýokary hilli gurluşyk serişdeler öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Erjel Begenç” hususy kärhanasy ýerli çig maldan taýýarlanýan örtgi plitalarynyň onlarça görnüşiniň tehnologiýasyny işläp düzdi we önümçiligini özleşdirdi. Şu maksat bilen betondan dört burç şekilli daşlary, “side-by-side” diwarlar üçin bezeg panelleri, ýanýoda we bordýur üçin niýetlenen plitalar ýaly üç görnüşli önümçilik işe girizildi.

Türkmenabatda ýerleşýän “Dana dünýä” hususy kärhanasy gaýtadan işlenen çig mallardan  gurluşyk serişdelerini öndürmegini artdyrýar. Kärhanada gurluşykda ulanylýan berk we uzak wagt durmaga çydamly önümleriň birwagtda birnäçe görnüşini: kompozitli ýodalar üçin plitalary, polimer-çäge esasly gurluşyk bloklaryny, daşky örtük plitasyny we üçek örtügi üçin materialy – çerepisany öndürmegi özleşdirdiler.

Mary welaýatyndaky “Ak hünji” hususy kärhanasy jaýlaryň içki timary üçin penopolistiroldan bezeg potolok profilleriniň 100-den gowrak görnüşini, daşky timar üçin 400-den gowrak görnüşli bezeg profillerini hem binagärlik elementlerini, dürli dykyzlykly ýylylyk we ses geçirmeýän bloklary, penopolistirol we mineral pamyk (bazalt süýüminden) plitalardan sendwiç-panelleri öndürýär.

Daşoguz welaýatyndaky örtgi plitalaryny öndürýän kiçi zawod “SISTROM” tehnologiýasyny girizmek bilen, ýol we ýodalar üçin plitasynyň we beýleki beton önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini özleşdirdi. Bu hususy kärhananyň eýesi telekeçi Azat Sabirow adaty sementi we çägäni garyp, örtgi serişdesiniň täze döwrebap görnüşini emele getirýän tehnologiýany we abzallary işe girizdi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde gazanylanlar hökmünde bazalt pamygyny, turba, kerpiç, demir-beton gurluşlary, suw geçirmeýän serişdeleri, ownuk çäge, penopolistirol, keramzit, emulsiýa we boýaglary, elektrokabeli, şlangy, bordýur daşlaryny, kafeli, gury gurluşyk we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary hem görkezmek bolar.

Wladimir Komarow

Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 22.06.2021 senesinde çap edildi.

2022