Türkmenistanyň Türki Geňeşe ýörite derejede goşulmagyna seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Türki Geňeşe ýörite derejede goşulmagyna seredildi
Taraplar Türkmenistanyň Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni iş sapary bilen Aşgabada gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine ýörite derejede goşulmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň bu formatdaky döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Türki Geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, sebitde hem-de onuň daşynda durnuklylygy we howpsuzlygy, şol sanda energiýa we ekologiýa howpsuzlygy berkitmek ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.

Türkmen tarapy durnukly ösüşiň nukdaýnazaryndan, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlarda özara hereketleri giňeltmek üçin Türki Geňeşiniň potensiallaryndan peýdalanmagyň mümkinçiliklerine oňyn seredýändigini nygtady.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Häzirki wagtda Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe we Özbegistan Geňeşiň agzalary bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň martynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.