Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy, Baku, 25-nji oktýabr, 2019 (Surat: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygy barada maslahatlaşdylar.

Taraplar Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň tabşyryklaryna laýyklykda türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň Türkmenistana boljak saparyna görülýän taýýarlyga aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar halkara formatlardaky hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygynyň ähmiýetini bellediler.

Ministrler daşary syýasy edaralaryň arasynda özara gatnaşyklaryň netijeliligini, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde taraplaryň gyzyklanmalaryny tassykladylar.