Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy – gaýtadan işleýän döwrebap toplumlary döretmekdir

Ogulgözel Rejepowa
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy – gaýtadan işleýän döwrebap toplumlary döretmekdir
“Garabogazkarbamid” kärhanasynyň gurluşygy tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmekde esasy ädimleriň biri boldy.

Türkmenistan diňe bir uglewodorod däl, eýsem gazylyp alynýan dürli peýdaly minerallar we gidromineral çig mal ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Ýurdumyz dürli ýerasty mineral duzlaryň - natriý hloridiniň, kaliýniň, sulfatyň we magniýniň ýataklaryna baýdyr. GDA agza ýurtlaryndaky iň uly ýedi sany kaliý duz ýataklarynyň ikisi Türkmenistanda ýerleşýär. Şeýle hem ýurtda Merkezi Aziýadaky iň uly ýod-brom senagat suwlarynyň ätiýaçlyk gorlary bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu serişdelerden netijeli peýdalanmagy, ösen tehnologiýalar we ylmyň gazananlary esasynda olardan gaýtadan işlenip alnan önümleriň eksportyny artdyrmagy geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda goýýar.

1897-nji ýyldan bäri glauber duzunyň (mirabilit) tebigy çökündi basseýni hökmünde tanalýan Garabogaz aýlagy, natriý sulfatynyň, bişofitiň we beýleki gymmatly mineral duzlaryň çeşmesi we gidromineral çig mallarynyň özboluşly ammary bolup hyzmat edýär. Şu ýylyň başynda badalga berlen himiýa ylmyny we tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň bäş ýyllyk Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, olar beýleki ýataklardan alynýan mineral çig mallary bilen bir hatarda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň güýçli depgin bilen ösmegine uly ýardam berýär.

“Garabogazkarbamid” kärhanasynyň gurluşygy milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna goşant goşýan tebigy baýlyklary netijeli özleşdirmekde esasy ädimleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda bu meselä ünsi çekip, Garabogaz aýlagynyň himiki ätiýaçlyklarynyň we tebigy aýratynlyklarynyň ylmy taýdan hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenilmeginiň, Balkan welaýatynda we ýurduň beýleki sebitlerinde häzirki zaman gaýtadan işleýän toplumlaryň döredilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem dürli görnüşli gazylyp alynýan ýerasty minerallar bar. Senagat taýdan özleşdirmek üçin barlanylan we taýýarlanylan kükürdiň, fosfatyň, gaýa duzunyň, gipsiň, stronsiý çig malynyň – selestiniň, polimetallaryň, hek daşynyň ýataklary diňe bir himiýa pudagynda däl, eýsem dürli gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň gidromineral çig mallarynyň arasynda litiý ýaly gymmatly serişde bar. Seýrek element hasaplanýan litiý dünýäde uly islegden peýdalanylýar. Türkmen alymlarynyň pikiriçe, bu himiki elementiň Garabogaz aýlagynyň duzly suwlarynda köp mukdarda bolmagy aýratyn amaly gyzyklanma döredip biler. Litiý ýokary tehnologiýaly önümçiliklerde, esasan hem häzirki zaman hojalyk tehnikalarynda ulanylýan litiý-iýon akkumulýatorlaryny öndürmekde giňden peýdalanylýar. Litiý-iýon akkumulýatorlary telefonlar, noutbuklar, sanly fotoapparatlar, wideokameralar we elektrik awtoulaglary ýaly tehniki enjamlarda ýerleşdirilýän akkumulýatorlaryň iň meşhur görnüşidir.

Agyr we oňaýly bolmadyk gurşun akkumulýatorlarynyň ornuny tutup bilýän litiý-iýon akkumulýatorlary awtoulag pudagynda ulanmak üçin amatlydyr. Adaty akkumulýatorlar bilen deňeşdirilende, litiý-iýon akkumulýatorlary has çalt güýç alýar, has kuwwatly, ýeňil we uzak wagt ulanmaga çydamly. Dünýädäki elektrik ulaglarynyň sanynyň barha artýandygy göz öňünde tutsak, bu akkumulýatorlara bolan isleg hem barha artar. Bu ýerli çig maly ulanyp, Türkmenistanda litiýniň önümçilik ulgamyny döretmek, saklamak we halkara bazarlaryny üpjün etmek möhüm we geljegi uly ugur bolup durýar.

Umuman aýdanyňda, häzirki zaman ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary esasynda Türkmenistanyň uglewodorod, mineral we gidromineral çig mallarynyň iň baý gorlarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi, esasan hem geljegi uly bolan pudaklar nebit-gaz we himiýa senagaty, elektron pudagy şeýle hem gurluşyk materiallarynyň öndürilmegi milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn we diwersifikasiýa ugry bilen ösmegine goşant goşýar.

Ogulgözel Rejepowa

Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 08.07.2021 senesinde çap edildi.

2022