Ýaşlyk keramzit zawody alty aýda 6 million manatlyk keramzit öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýaşlyk keramzit zawody alty aýda 6 million manatlyk keramzit öndürdi
Kärhananyň alty aýdaky görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 111,7% ýokarlandy.

Ahal welaýatyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ýaşlyk keramzit zawody ýanwar – iýun aýlarynda 5 million 909 müň 722 manatlyk keramzit öndürdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kärhananyň bu görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 111,7% ýokarlandy.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemäge we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge hem-de keramzit öndürilişini has-da artdyrmaga şert döredýär.

Ýaşlyk keramzit zawody Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolup, ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýan öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022