GDA ýurtlary COVID-19 sanjym şahadatnamalarynyň özara ykrar edilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA ýurtlary COVID-19 sanjym şahadatnamalarynyň özara ykrar edilmegini maslahatlaşdylar
Duşuşyk Belarusyň Saglygy goraýyş ministrliginiň başlangyjy bilen geçirildi. (Surat: GDA)

Penşenbe güni gibrid formatda GDA agza ýurtlaryň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda COVID-19 öňüni alyş sanjym şahadatnamalaryny özara ykrar etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga gatnaşyjylar häzirki wagtda GDA ýurtlarynyň ählisinde ilata COVID-19 ýokanjyna garşy işjeň sanjym edilýändigini, sanjymy tassyklaýan milli şahadatnamanyň we QR kodunyň berilýändigini aýtdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä, sanjym şahadatnamalarynyň özara ykrar edilmegi COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilen raýatlaryň serhetara hereketini ýeňilleşdirer we syýahatçylygy dikeltmäge ýardam eder.

Mundan başga-da, GDA agza ýurtlarynyň wekilleri saglygy goraýyş pudagynyň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň çäklerinde ilatyň sanitariýa we epidemiologiki abadançylygy boýunça ygtyýarly edaralaryň ýolbaşçylarynyň Geňeşini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak kararyna geldiler.

Belarusyň Saglygy goraýyş ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen bu duşuşyga Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň hem-de Ýewraziýa Ykdysady komissiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

2022