Lawrow: Russiýa TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lawrow: Russiýa TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow (Surat: Russiýanyň DIM-i)

Russiýa Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Özbegistanyň paýtagty Daşkende geçirilen “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Lawrowyň Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda ýerleşdirilen çykyşynda bellenilmegine görä, Russiýa “Beýik Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň” döredilmeginiň tarapdary we bu ugurda dürli ýurtlary birleşdirýän gatnaşyklary mümkin boldugyça goldaýar.

Lawrow çykyşynyň dowamynda Russiýanyň TOPH ýaly täze sebitleýin gaz geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Merkezi we Günorta Aziýanyň energiýa infrastrukturasynyň birleşdirilmegi geljegi bar bolan ugurdyr. Häzirki wagtda Ýewraziýa ykdysady birleşmesi ýeke-täk elektrik bazaryny döretmegiň üstünde işleýär. Bu proses Merkezi we Günorta Aziýada elektrik üpjünçiligi taslamalary bilen sazlaşykly alnyp barylyp bilner diýip, Sergeý Lawrow aýtdy.

Merkezi we Günorta Aziýanyň energiýa infrastrukturasynyň birleşdirilmegi geljegi bar bolan ugurdygyny belläp,  Sergeý Lawrow häzirki wagtda Ýewraziýa ykdysady birleşmesi ýeke-täk elektrik bazaryny döretmegiň üstünde işleýändigini bu proses Merkezi we Günorta Aziýada elektrik üpjünçiligi taslamalary bilen sazlaşykly alnyp barylyp bilinjekdigini aýtdy.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň uzynlygy 1840 km barabar bolar. Onuň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre çenli tebigy gazy üpjün etmäge niýetlenip, geçiriji dünýäde ikinji iň uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan başlar. Gaz geçirijiniň soňky barjak ýeri Pakistan bilen Hindistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Hindistanyň Fazilka şäheri bolar. Hindistan bilen Pakistanyň hersi 14 milliard kub metr tebigy gaz, Owganystan bolsa galan 5 milliard kub metrini satyn alar.