Türkmenistanda mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary öz işine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary öz işine başlady
Mekdep bazarlary birnäçe ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynda gurnalyp, sentýabr aýynyň başyna çenli dowam edip gelýär.

Türkmenistanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan 2021-2022-nji okuw ýyly üçin mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlarynyň 410 sanysy sişenbe güni müşderilere hyzmat edip başlady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Aşgabatda 55, Ahal welaýaty boýunça 48, Balkan welaýaty boýunça 41, Mary welaýaty boýunça 134, şeýle hem Lebap welaýaty boýunça 79 we Daşoguz welaýaty boýunça 53 sany mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary müşderilere mekdep eginbaşlaryny we esbaplaryny hödürleýär.

Habara görä, mekdep bazarlary we göçme söwda nokatlary alyjylara amatly bolmagy üçin merkezi bazarlarda, döwlet dükanlarynyň ýanaşyk ýerlerinde, ýaşaýyş jaýlaryna ýakyn ýerlerde gurnaldy.

Mekdep bazarlarynda satuwy ýola goýulýan harytlaryň arasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren önümleriniň dürli görnüşleri has agdyklyk edýär.

Mekdep bazarlary birnäçe ýyldan bäri her ýylyň awgust aýynda gurnalyp, sentýabr aýynyň başyna çenli dowam edip gelýär. Ýaşyl we ak köýnekler, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir gündelikler we beýleki mekdep esbaplary bu bazarlaryň esasy harytlary bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022