Türkmenistan we Özbegistan serhetýaka söwda zolagyny döretmegi meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Özbegistan serhetýaka söwda zolagyny döretmegi meýilleşdirýärler
Taraplar özara söwdanyň ösüşi üçin şertleri gowulandyrmak boýunça bilelikdäki işe başlamak barada ylalaşdylar.

Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana eden saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özbek-türkmen serhedinde serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugynyň çarşenbe güni habar berşi ýaly, gepleşigiň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýumlary, ulag logistika, medeni we gumanitar ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredildi.

Şeýlelik bilen, taraplar köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ileri tutulýan meseleleri kesgitlediler we özara söwdanyň ösüşi üçin şertleri gowulandyrmak, şol sanda bar bolan nyrh taýdan we nyrh däl päsgelçilikleri yzygiderli aradan aýyrmak, özbek we türkmen harytlaryny iki ýurduň bazarlaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça bilelikdäki işe başlamak barada ylalaşdylar. Ministrligiň metbugat gullugynyň belleýşi ýaly, bu çäreleriň ýakyn wagtda özbek-türkmen söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmäge ýardam berjekdigi çaklanylýar.

Döredilmegi meýilleşdirilyan serhetýaka söwda zolaklary ikitaraplaýyn söwdanyň ösmegine, şol sanda oba hojalygy we hojalyk tehnikalarynyň, azyk önümleriň, gurluşyk harytlaryň we nebithimiýa önümleriň söwdasynyň ýokarlanmagyna itergi berer diýip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem, meýilleşdirilen ikitaraplaýyn çärelere, hususan-da, 5-6-njy awgustda Balkan welaýatynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyna we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna taýýarlyk işleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesinde gazanylan şertnamalary ýerine ýetirmek boýunça özara gatnaşyklaryň ýollary kesgitlenildi.

2022