“Türkmenistan – Azerbaýjan – Türkiýe” üçtaraplaýyn sammitiniň möhleti yza süýşürilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan – Azerbaýjan – Türkiýe” üçtaraplaýyn sammitiniň möhleti yza süýşürilýär
Türkiýäniň Prezidenti şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilen üçtaraplaýyn sammitiniň möhletini yza süýşürmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Türkiýäniň käbir sebitlerinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we weýrançylyklara getiren giň möçberli tokaý ýangynlary bilen baglylykda, ýurtda emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli, Rejep Taýyp Ärdogan şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirilen “Türkmenistan – Azerbaýjan – Türkiýe” üçtaraplaýyn sammitiniň möhletini yza süýşürmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz türk Lideriniň teklibini düşünmek bilen kabul edip, pajygaly ýagdaý zerarly çuňňur gynanjyny we doganlyk halk üçin şu agyr pursatda halkymyzyň, ýurdumyzyň Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet Baştutanlary dost-doganlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem iki ýurduň bähbitlerine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler we türk hem-de türkmen halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, ösüş arzuw etdiler.