Merkezi Aziýanyň Baştutanlary ulag we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň Baştutanlary ulag we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy ylalaşdylar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri öz çykyşlarynda sebitiň çäginden geçýän ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň zerurlygyny bellediler.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda anna güni geçirilen 3-nji konsultatiw duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary ulag we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy ylalaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow sammitiň jemleri boýunça metbugat wekilleri üçin geçirilen brifingde aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, wise-premýer Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri öz çykyşlarynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmegiň zerurlygy barada çykyş edendiklerini belledi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toplumlaýyn ulag ulgamyny döretmek boýunça anyk meýilnamalary düzüp başlamagyň zerurdygyny aýtdy.

Bu maksat bilen hökümet derejesinde Günorta Ýewropa çykalgasy bolan Merkezi Aziýa – Hazar we Gara deňiz sebitleri, şeýle hem Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar ulag we aragatnaşyk ugurlaryny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin hökümet derejesinde bäş taraply iş toparyny döretmek teklip edildi diýip, ýokary derejeli diplomat aýtdy.

Ministriň bellemegine görä, döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbidi üçin Türkmenistan özüniň Hazar deňzindäki portunyň kuwwatyny üpjün etmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sammitde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady.

“Hususan-da, Hytaýy, Gyrgyzystany we Özbegistany birleşdirýän ulag we demir ýol ulgamlarynyň gurulmagynyň zerurlygy nygtaldy. Gazagystany Özbegistan we Gyrgyzystan bilen baglanyşdyrýan taslamalar hem kesgitlenildi” diýip, Meredow brifingde belledi.

Şeýle hem, wise-premýer sebitdäki söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Merkezi Aziýada ykdysady we işewürlik işjeňligini ösdürmek üçin Işewürler Geňeşini döretmegiň teklip edilendigini aýtdy.

Şol günüň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň zenanlarynyň Dialogy, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň Halkara festiwaly hem geçirildi.