Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy $658 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy $658 milliona golaýlady
2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkiýeden Türkmenistana edilen eksport 446 million 127 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 657 million 865 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 220 million 442 müň ABŞ dollary köpdür. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, diňe şu ýylyň iýun aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 81 million 545 müň ABŞ dollary möçberinde artyp, 155 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkiýeden Türkmenistana edilen eksport 446 million 127 müň ABŞ dollaryna, diňe iýun aýynda bolsa 109 million 774 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şol bir wagtyň özünde, geçen alty aýyň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandan importyň möçberi 211 million 738 müň ABŞ dollaryna, iýun aýynda bolsa 45 million 226 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Türkiýäniň Bursa şäheriniň Söwda-senagat palatasy (BTSO), Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy we Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) bilen hyzmatdaşlykda onlaýn seminaryny geçirdi. Onlaýn maslahatyň dowamynda Türkiýe-Türkmenistan Işewürler Geňeşiniň başlygy Halil Awjy DEİK-niň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek we ösdürmek üçin degişli zerur işleri alyp barjakdygyny belledi.