Dünýäde nebitiň bahalary ep-esli peselmeden soňra ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde nebitiň bahalary ep-esli peselmeden soňra ýokarlanýar
Sişenbe güni sowdalarda “Brent” nebitiniň bahasy 29 sent ýa-da 0,4% galyp, bir barreli 69,33 ABŞ dollaryna barabar boldy. (Surat: ‘’Reuters‘’)

Dünýäde nebitiň bahalary geçen üç hepdäniň dowamynda iň pes derejesine ýetenden soňra sişenbe günündäki söwdalarda gaýtadan ýokarlandy. Emma COVID-19 ýokanjynyň hadysalarynyň köpelmegi we bu ýagdaýlar bilen bagly Hytaýdaky çäklendirmeleriň ýangyja bolan islegi düşürmek ähtimallygy bahalaryň galmagyny çäklendirip biler. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Günüň başynda “Brent” nebitiniň bahasy 29 sent ýa-da 0,4% galyp, bir barreli 69,33 ABŞ dollaryna barabar boldy. Duşenbe güni onuň bahasy 2,3% düşüpdi. WTI nebitiniň bahasy 46 sent ýa-da 0,7% galyp, bir barreli 66,94 ABŞ dollaryna deň boldy. Geçen birža söwdalarynda onuň bahasy 2,6% pese gaçypdy.

Hytaý duşenbe güni COVID-19 ýokanjy bilen keselleýänleriň sanynyň artýandygy barada habar berdi. Dünýäde iň uly nebit import ediji bolan Hytaýyň käbir şäherleri ýerli ilat arasynda koronawirus ýokanjynyň has çalt ýaýraýan “Delta” görnüşini ýok etmek maksady bilen köpçülikleýin barlaglary güýçlendirdi.

“Hytaýda COVID-19 ýokanjy bilen baglanşykly nähili özgerişikleriň bolup geçjekdigi we munuň nebite bolan islege hem-de onuň bahalaryna nähili täsir etjekdigi barada köp näbellilikler bar” diýip, “ING Economics” özüniň hasabatynda aýtdy. ABŞ dollarynyň hümmetiniň ýokary bolmagy hem nebitiň bahalaryna agram salýar diýip hasabatda bellenýär.

Şeýle-de, habarda bellenilşi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senaty sişenbe güni 1 trillion ABŞ dollarlyk infrastruktura kanunynyň kabul edilmegi boýunça netije çykarar. Analitikleriň pikiriçe, bu kanunyň kabul edilmegi ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň ösmegine itergi berer we nebit önümlerine bolan islegi ýokarlandyrar.

Ýöne COVID-19 ýokanjynyň hadysalarynyň köpelmegi ykdysady ösüşiň we umumy sarp edişiň geljegine zyýan ýetirýär.

“Reuters” agentliginiň duşenbe güni geçiren sowalnamasy görä, ABŞ-da nebit, benzin we beýleki nebit önümleriniň ätiýaçlyk gorlary soňky bir hepdäniň içinde azaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022