Haýyr-sahawat gaznasyndan mätäç çagalara operasiýa üçin serişdeler bölünip berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Haýyr-sahawat gaznasyndan mätäç çagalara operasiýa üçin serişdeler bölünip berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy şu ýylyň mart aýynda döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, golaýda döwlet Baştutanymyz Haýyr-sahawat gaznasyndan bölünip berlen serişdeleriň hasabyna Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň etrap hem-de şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen “Tiz kömek” awtoulaglaryny sowgat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň mart aýynda kabul eden Karary bilen bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022