Gökdepe pagta egriji fabrigi 46 million manatlykdan gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gökdepe pagta egriji fabrigi 46 million manatlykdan gowrak önüm öndürdi
Öndürilen ýokary hilli nah ýüplükler, esasan, tikin we trikotaž önümçiligine ulanyldy.

Ahal welaýatynyň Gökdepe pagta egriji fabrigi şu ýylynyň birinji ýarymynda 46 million 218 müň 550 manatlyk önüm öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 149,6% ýokarydyr.

Şol döwürde pagta süýüminiň gaýtadan işlenilmegi netijesinde öndürilen ýokary hilli nah ýüplükler ýurdumyzyň dokma kärhanalary tarapyndan, esasan, tikin we trikotaž önümçiliginde ulanylýar. Şeýle-de kärhanada öndürilýän önümler daşarky bazarlara hem eksport edildi.

Gökdepe pagta egriji fabrigi 2010-njy ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Kärhananyň ýylda Ring Nm 16-1 ýüpliginiň 14 müň 500 tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bardyr.