“Balkanwelaýatazyk” pagta çigidinden 1,3 müň tonnadan gowrak ýag taýýarlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Balkanwelaýatazyk” pagta çigidinden 1,3 müň tonnadan gowrak ýag taýýarlady
Serdar şäherindäki “Balkanwelaýatazyk” önümçilik birleşigi 1 müň 362 tonna pagta ýagyny öndürdi.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Serdar şäherindäki “Balkanwelaýatazyk” önümçilik birleşigi şu ýylyň geçen ýedi aýynda gaýtadan işlenen 7 müň 224 tonna golaý pagta çigidinden 1 müň 362 tonna azyklyk ýag taýýarlap, önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berşi ýaly, degişli döwürde kärhananyň bölümlerinde 223 tonna et we 279 tonna süýt önümleri öndürildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür.

Kärhanada pagta çigidi gaýtadan işlenende galýan galyndylardan taýýarlanylýan ýokumly iýmleriň ýanwar – iýul aýlarynda 6 müň 800 tonnadan gowragy  taýýarlanyldy we welaýatyň maldarlary tarapyndan satyn alyndy.

Geçen ýyl türkmen pagtaçylary döwlet sargydy ýerine ýetirmek bilen 1 million 250 müň tonna pagta çig maly döwlet harmanyna tabşyrdylar.

2022