Gazagystanyň ýük otlusy ilkinji gezek Türkmenistandan üstaşyr Eýrana bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystanyň ýük otlusy ilkinji gezek Türkmenistandan üstaşyr Eýrana bardy
Inçeburun Eýranyň demirgazyk serhedinde ýerleşip, Türkmenistan bilen serhetleşýär.

Gazagystanyň kömür ýükli ýük otlusy ýekşenbe güni ilkinji gezek “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Türkmenistandan üstaşyr Eýrana bardy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkiminiň metbugat beýanatyna salgylanyp, IRNA agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Habara görä, Gülüstan welaýatynyň häkimi Hadi Hakşenas bu demir ýoluň harytlary daşamakdaky çykdajylary azaltmakda täsiriniň uly boljakdygyny belläp, otlynyň Eýrana girmeginiň sebit söwdasynyň ösüşiniň başlangyjy boljakdygyna umyt bildirdi.

Hakşenasyň aýtmagyna görä, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýan Inçeburun gury portynda we erkin söwda zolagynda ýerleşýän Inçeburun demir ýoly Ýewraziýa ýurtlaryny Eýrana birikdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebitleýin Meýilnamalaşdyryş geňeşiniň 30-njy iýulda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň täjirleşdirilmegi barada Ähtnama gol çekmegi teklip etdi. Bu Ähtnama ýylda 12 million tonna çenli ýük daşamaga mümkinçilik döretjek bu demir ýol geçelgesiniň ykdysady potensialyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022