Türkmenabadyň himiýa kärhanasy 56 million manada golaý önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa kärhanasy 56 million manada golaý önüm öndürdi
Kärhanada şu ýylyň ýedi aýynda zyýansyzlandyrmakda ulanylýan hlor hekiniň 307 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy 2021-nji ýylyň ýedi aýynda 55 million 800 müň manatlyk önüm öndürip, önümçilik meýilnamasyny 106,6% ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň esasy önümi bolan fosforly dökünleriň 151 müň 480 tonnasy öndürilip, bu baradaky tabşyryk 130% berjaý edildi.

Şeýle-de kärhanada şu ýylyň ýedi aýynda zyýansyzlandyrmakda ulanylýan hlor hekiniň 307 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi.

Mundan başga-da, kärhana “Ussat ýardamçy” hojalyk jemgyýeti bilen ýurdumyzda agyz suwuny arassalamakda giňden ulanylýan koagulýant önümçiligini ýola goýdy. Kärhananyň her ýylda bu önümiň 15 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli bolan bu kärhanada häzirki wagtda jemi 1 müň 400-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Bu kärhana önümhanalaryň 26-syny özüne birleşdirýär.

2022