Deňiz gämileriniň halkara gatnawy gümrük taýdan nähili resmileşdirilýär?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Deňiz gämileriniň halkara gatnawy gümrük taýdan nähili resmileşdirilýär?
Ýükleriň gümrük barlagy diňe gümrük gözegçiligi zolaklarynda amala aşyrylyp bilner.

2021-nji ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanda Halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämilerini hem-de olarda daşalýan harytlary we ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegiň täze tertibi tassyklanyldy.

Bu Tertip Türkmenistanyň gümrük çägine gelýän ýerinde, bu çäkden gidýän ýerinde halkara gatnawyny amala aşyrýan deňiz gämileriniň (mundan beýläk - Gämiler) hem-de ol Gämiler arkaly gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük gözegçiliginiň, şeýle hem gümrük taýdan resmileşdirilmeginiň tertibini kesgitleýär.

Gämiler we Ýükler Gümrük kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde hem-de şu Tertipde bellenilen kadalara laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirilmäge hem-de gümrük gözegçiligine degişlidir.

Gümrük gözegçiligini we gümrük taýdan resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, Portuň administrasiýasy gümrük edarasyna Gämiler we Ýükler barada elektron görnüşde deslapdan maglumat berilmegini üpjün edýär. Maglumatlar deslapdan daşaýjy ýa-da onuň agenti (deňiz agenti), deňiz dellaly tarapyndan berilýär.

Gäminiň gümrük gözden geçirmesi, resminamalaryň we maglumatlaryň barlagy hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi Gäminiň döwlet gözegçiligi üçin göz öňünde tutulan wagtyň dowamynda amala aşyrylýar.

Ýükleriň gümrük barlagy diňe gümrük gözegçiligi zolaklarynda amala aşyrylyp bilner.

Gämilerde gatnadylýan raýatlar, şol sanda ekipaž agzalary, ýolagçylar, sürüjiler, degişli döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bilen, Portuň çägindäki Geçiriş ýeriniň raýatlary geçirmek üçin ýöriteleşdirilen ýerlerinden geçirilýär. Raýatlaryň harytlarynyň (goşlarynyň) gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi, gümrük serhedinden harytlaryň fiziki şahslar tarapyndan geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň gümrük çägine gelen Gäminiň kapitany, gümrük gözegçiliginiň maksatlary üçin aşakdaky resminamalary görkezmeli:

Geliş gämi resminamalary:

  • baş deklarasiýa;
  • ýük deklarasiýasy;
  • ekipaž agzalarynyň sanawy;
  • Gäminiň azyk gory barada resminama (Gäminiň bortunda ekipaž agzalary tarapyndan sarp edilmegi üçin niýetlenen iýmit önümleriniň sanawy we möçberleri görkezilen resminama);
  • ekipaž agzalarynyň gymmatlyklarynyň sanawy ýa-da Gulluk tarapyndan bellenilen tertipde we görnüşde her ekipaž agzasy üçin aýratyn doldurylan ýolagçy gümrük deklarasiýasy;
  • ýolagçylar barada maglumat;

Ugradylyş (daşary ýurt) Portunda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar tarapyndan resmileşdirilen gidiş gämi resminamalary (ýük resminamalary):

  • konosament (ýa-da ýüküň daşamak üçin kabul edilendigini tassyklaýan deňiz ýanhaty);
  • ýük manifesti;
  • täjirçilik resminamalary – hasap-faktura (inwoýs), ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri, çekler, sertifikatlar we başga täjirçilik resminamalary;
  • gümrük resminamalary - ugradylyş we üstaşyr Portlarda resmileşdirilen gümrük resminamalary (şeýle resminamalar bar bolan ýagdaýlarda);

Resminamalar berlenden soň, Gäminiň gümrük gözden geçirmesi hem-de resminamalaryň we maglumatlaryň barlagy amala aşyrylýar.

Gäminiň gümrük gözden geçirmesi hem-de resminamalaryň we maglumatlaryň barlagy tamamlanandan soň, Gäminiň gelmeginiň we Ýükleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi geçirilýär.

2022