Türkmenistanyň Merkezi Banky manatda beren karzlarynyň möçberini mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Merkezi Banky manatda beren karzlarynyň möçberini mälim etdi
2021-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 106 milliard 490 million manada deň boldy.

2021-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 52 milliard 923 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 14,6% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 46 milliard 198 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 6 milliard 700 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 36,4% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 4 milliard 913 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 13 milliard 758 million manada deň bolup, bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,8% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 12 milliard 411 million manada barabar boldy.

2021-nji ýylyň iýul aýy ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 73 milliard 381 million manada deň boldy.

Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek barada degişli Karara gol çekdi.

“Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankyny esaslandyryjylar hökmünde Maliýe we ykdysadyýet ministrligine – esaslyk maýadaky paýy 99% hem-de Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna – esaslyk maýadaky paýy 1% möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022