Türkmen daýhanlary her gektardan 140 sentner ýeralma almagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen daýhanlary her gektardan 140 sentner ýeralma almagy meýilleşdirýärler
Daşoguz welaýatynda esasan, ýeralmanyň Golland görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Daşoguz welaýatynda güýzlük ýeralma ekişi tamamlandy. Daýhanlar gyşdan öň her gektardan azyndan 140 sentner hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, ýurdumyzyň demirgazygynda şu ýylky hasylyň esasy bölegi sebitiň iň iri ýeralma öndürijisi bolan Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýär. Şeýle hem güýzlük ýeralma S.A. Nyýazow we Gubadag etraplarynda köp mukdarda ösdürilip ýetişdiriler.

Daşoguz welaýatynda esasan, ýeralmanyň Golland görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olara ideg etmek aňsat bolup durýar. Olar ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanyp, ýerli toprak we howa şertlerine gowy uýgunlaşýarlar diýip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanda iýul aýynda başlanan açyk meýdanda gök önümleriň hasyl ýygymy döwründe ýeralmanyň her gektaryndan ortaça 180 sentner hasyl alyndy. Daşoguz welaýatynyň diňe daýhan birleşikleri we käbir hususy pudaklar 26 müň 600 tonnadan gowrak ýazda ekilen ýeralma hasylyny ýygnadylar.

Geçen ýyl döwlet buýurmasy esasynda gök-bakja önümlerinden 21 müň 250 tonna kelem, 38 müň 340 tonna käşir, şeýle hem 214 müň 700 tonna bakja önümleri ýygnaldy.