Türkmen alymlary sarybaş keselini anyklamak üçin bioserişde taýýarladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen alymlary sarybaş keselini anyklamak üçin bioserişde taýýarladylar
Işlenip taýýarlanan serişde Türkmenistanyň maldarçylyk pudagynda üstünlikli ulanylyp başlandy.

Türkmen alymlary ýerli materiallardan gön çig maly bilen üpjün edijiler üçin zerur bolan sarybaş keselini anyklamak üçin bioserişde öndürdiler. Gön önümleri sarybaş keseline barlagdan geçenden soňra eksport edilip bilner. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda geçen çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bioserişdä “atyň ganyndan alynýan sarybaş kesele garşy presipitirleýiji syworatka” we “adaty bakterial sarybaş antigeni” (Ascoli antigen) diýilýär.

Ýerli çig mal esasly anyklaýyş serişdesini işläp taýýarlamak S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna başartdy. Serişdeler ähli zerur barlaghana we önümçilik synaglaryndan geçdiler. Olar üçin gözegçilik edaralary tarapyndan tassyklanan kadalaşdyryjy we tehniki resminamalar düzüldi.

Şeýle-de habara görä, işlenip taýýarlanan serişde Türkmenistanyň maldarçylyk pudagynda üstünlikli ulanylyp başlandy hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň buýrugy bilen senagat önümçiligine girizildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary buýanyň galyndylaryndan işjeňleşdirilen kömür öndürmegiň täze usulyny işläp taýýarlamagy teklip etdiler. Bu usul işjeňleşdirilen kömüriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaldyp, ony ýerli çig mallardan ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik berer.