Türkmen Lideri BMG-niň Türkmenistandaky täze hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri BMG-niň Türkmenistandaky täze hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Milli Liderimiz diplomaty Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, BMG-niň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýola goýulýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatdaky alnyp barylýan işleriň esasy ugurlaryna we geljegine degişli giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Dmitriý Şlapaçenko döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.

Milli Liderimiz hem öz gezeginde diplomaty Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, iri halkara guramanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Bu gurama bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk hemişe oňyn häsiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Duşuşygyň barşynda ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek babatdaky işleriň şu günki ýagdaýyna, esasy ugurlaryna we geljegine degişli giň gerimli meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen täze, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga özara gyzyklanmalar tassyklanyldy diýip, habarda aýdylýar.

BMG-niň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Dmitriý Şlapaçenkonyň diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy gurmak we strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça 25 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol bu işine girişmezden öň BMG-daky Gündogar Afrikanyň meseleleri boýunça toparyna we Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş edarasynda Sudanyň geçiş döwrüne goldaw bermek üçin Missiýasyna (UNITAMS) ýolbaşçylyk etdi.