Pakistanyň Daşary işler ministri: TOPH taslamasy tutuş sebite peýda getirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistanyň Daşary işler ministri: TOPH taslamasy tutuş sebite peýda getirer
Pakistanyň Daşary işler ministri TOPH taslamasynyň üsti bilen 2 müň iş ornunyň döredilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi penşenbe güni Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň tutuş sebite peýda getirjekdigini we bu taslama tamamlanandan soň Owganystanyň gaznasyna diňe üstaşyr töleglerden 1 milliard ABŞ dollarynyň geljekdigini aýtdy. Bu barada APP agentligi habar berýär.

Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda bolan duşuşygyndan soň metbugat wekilleri bilen söhbetdeşliginde, bu taslamanyň üsti bilen 2 müň iş ornunyň döredilmegine garaşylýandygyny belledi.

Ýokary derejeli diplomat TOPH taslamasyny hormatly Prezidentimiz bilen ara alyp maslahatlaşandygyny we Pakistanyň TOPH ýaly dürli taslamalar arkaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

Owganystandaky ýagdaýlara üns çekip, Kureşi Pakistanyň Owganystanda parahatçylyk ugrunda onuň goňşy döwletleriniň bilelikdäki tagallalarynyň möhümdigine ynanýandygyny belledi.

Owganystandaky ýüze çykan islendik durnuksyzlyk Pakistana we beýleki goňşy döwletlere ýaramaz täsir eder diýip, Daşary işler ministri belledi. Şunuň bilen baglylykda, Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda onuň goňşy döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar diýip, Kureşi sözüniň üstüni ýetirdi.

Pakistan bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny berkitmek üçin duşuşyklary geçirmek babatynda iki tarapyň ýörite wekilleriniň üsti bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer diýip, Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy aýtdy.

Mundan başga-da Kureşiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň türkmen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejeli diplomat ikitaraplaýyn gatnaşyklara, energiýa hem-de beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdi.

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan we Eýrana saparlary 24-nji awgustda başlady. Onuň saparlarynyň maksady Owganystandaky ýagdaýlar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022