Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny durnukly durmuş-ykdysady ösüş bilen garşylaýar

Ogulgözel Rejepowa
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny durnukly durmuş-ykdysady ösüş bilen garşylaýar
2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanyň üstünden geçen ýylyň degişli döwründen 57% köp üstaşyr ýük daşaldy.

Türkmenistan çylşyrymly daşarky ýagdaýlara garamazdan döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna durmuş-ykdysady ösüşde gazanan gowy netijeleri bilen barýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýarym ýylda esasy makroykdysady görkeziji –  jemi içerki önümiň (JIÖ) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2% ösüş gazandy. Durnukly ykdysady ösüş maýa goýum işjeňligi, içerki we daşary söwdanyň, islegiň hem-de sarp edilişiň oňyn ösüşiniň hasabyna gazanylýar.

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda bir hojalyga ortaça çykdajylar geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiler bilen deňeşdirilende aýda ortaça 12,2% artdy. Ilatyň çykdajylarynyň aglaba bölegi (89,6%) gündelik harytlara we dürli hyzmatlary tölemäge harçlandy. Bölek-satuwyň gurluşy ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär, bu pudakda döwlet paýy 7,2%, hususy pudagyň paýy bolsa 92,8%-e deň boldy.

Oba hojalygynda hem gazanylan netijeler ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini kemala getirmekde uly üstünlik gazanylandygyny görkezýär, JIÖ-de onuň paýy 9,7%-e boldy. Şu ýyl galla ekinlerinden 1485 müň 400 tonna hasyl alyndy. Gök, bakja, miwe ekinleriniň öndürilişi-de ýokarlanýar, ekerançylyk önümleriniň ösüş depgini esasan hususy hojalyklaryň hasabyna gazanyldy.

Türkmenistan öz amatly geografik ýerleşişinden we ösen ulag-kommunikasiýa toplumyndan peýdalanyp, ýurdumyzyň býujetine walýuta serişdeleriniň gelşini artdyrmaga ukyply üstaşyr ýük geçirmek mümkinçiliginde peýdalanýar. Meselem, 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanyň üstünden geçen ýylyň degişli döwründen 57% köp üstaşyr ýük daşaldy.

Daşary söwda dolanşygynda-da oňyn ösüş gazanylýar, ol 2020-nji ýylyň degişli döwründen 6,7% artdy. Oňyn söwda saldosy 1 301,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň eksporty 12,1% artdy. Bu artyşda ýangyç-energetika toplumyna degişli bolmadyk harytlaryň paýy ýokarydyr. Eksportyň möçberi ýangyç-energetika serişdeleri hasaplanylmanda geçen ýylyň degişli döwründen 63,3% artyp, 787 million 800 ABŞ dollaryna barabar boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda 72 million ABŞ dollarlyk 62 müň 600 tonna gök ekin eksport edildi. Munuň özi 2020-nji ýylyň degişli döwründen degişlilikde 99% we 109,4% köpdür. 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda importyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwründen 0,4% azaldy. Bularyň hemmesi eksporty we daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmegi güýçlendirmek milli maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň netijeleridir.

Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşi Amerikanyň görkezijiler agentlikleriniň “Uly üçlügine” girýän “Fitch Ratings” agentliginiň ýurdumyza gysga möhletli “В” hem-de uzak möhletli “В+ durnukly” görkezijisiniň berilmegine esas boldy.

Türkmenistan şu ýyl Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyna we “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmäge gönükdirilen Hytaýa karzyny üzüp, töleýşe ukyplydygyny subut etdi.

Soňky 30 ýylda halkara görkezijiler agentlikleriniň dünýädäki ýagdaýlara, maýadarlara, maliýe bazarlaryna täsiri yzygiderli güýçlenýär, netijede olar diňe bir wajyp ykdysady ýagdaý bolman, eýsem Türkmenistanyň maýa goýumy özüne çekijiligine we onuň ählumumy ykdysadyýetdäki ornuna täsir edýän syýasy ýagdaýa öwrülýär.

Ogulgözel Rejepowa

Bu makala ilkibaşda “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetinde 02.09.2021 senesinde çap edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022