Daşoguz welaýatynda güýzde mäş we noýbadan ýene bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Şeýlelik bilen, S. Türkmenbaşy etrabynda mäş üçin 700 gektar ýer ýene 30 gektar bolsa noýba ekmek üçin bölünip berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Habara görä, welaýatyň demirgazygyndaky Gurbansoltan eje adyndaky etrapda mäş 200 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdiriler.
Umuman alanyňda, Daşoguz welaýatynda mäş 3 müň 700 gektarda, ak noýba bolsa 250 gektarda ösdürilip ýetişdiriler. Daýhanlar geçen ýylky üstünliklerini gaýtalamak bilen, meýilleşdirileninden has köp hasyl ýygnamagy maksat edinýärler diýip, habarda bellenilýär.
Daşoguz welaýatynda güýzlük ýeralma ekişi hem tamamlandy. Ýurdumyzyň demirgazygynda şu ýylky hasylyň esasy bölegi sebitiň iň iri ýeralma öndürijisi bolan Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýär. Şeýle hem güýzlük ýeralma S.A. Nyýazow we Gubadag etraplarynda köp mukdarda ösdürilip ýetişdiriler.
Daýhanlar gyşdan öň her gektardan azyndan 140 sentner hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.