Dünýäde azyk bahalary pes hasyl çaklamalary sebäpli ýokarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dünýäde azyk bahalary pes hasyl çaklamalary sebäpli ýokarlanýar
Şu ýyl dünýäde galla önümçiliginiň garaşylmagyndan pes boljakdygy çaklanylýar. (Surat: FAO)

Dünýäde azyk önümleriniň bahalary yzygiderli iki aý aşak düşenden soň awgust aýynda ýokarlandy. Muňa azyk hasylynyň peselmegi boýunça çaklamalar sebäp boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň azyk agentligi geçen penşenbe güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi awgust aýynda ortaça 127,4 bala ýetip, iýun aýyndan bäri 3,1% we 2020-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 32,9% ýokarlandy.

Azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna esasan galla önümçiliginiň garaşylmagyndan pes bolmagy, dünýäniň iň uly şeker eksport edijisi Braziliýada adaty bolmadyk sowuk howanyň ekinlere zeper ýetirmegi we ýag alynýan ösümlikleriň azalmagy sebäp boldy.

FAO-nyň däne önümleriniň awgust aýyndaky bahasynyň indeksi iýul aýy bilen deňeşdirilende 3,4% ýokarlandy, ösümlik ýagynyň bahalarynyň indeksi 6,7% we şekeriň bahasynyň indeksi 10% töweregi artdy. Bu artyş bir ýyldan gowrak wagtyň içinde iň ýokary görkezijidir.

Şeýle hem FAO şu ýyl dünýäde galla önümçiliginiň garaşylmagyndan pes boljakdygyny, esasan hem bugdaý önümçiliginiň azalmagyna garaşylýandygyny belledi. Dünýäde bugdaý önümçiliginiň peselmegine esasy sebäpler hökmünde Demirgazyk Amerikadaky uzak wagtlap dowam eden gurakçylygyň ýaramaz täsirleri hem-de Gazagystanda we Russiýada amatsyz howa şertleri görkezildi. Kanadada bugdaý ätiýaçlyklary kyrk ýylyň içinde iň pes derejesine ýetip biler diýip, habarda aýdylýar.

FAO hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň iýul aýynda ýaýradan hasabatyna görä, esasy azyk önümleriniň bahalarynyň geljek on ýylda olara bolan islegiň peselmegi we önümçiligiň artmagy bilen düşmegine garaşylýar.