Türkmenistan 1,4 million tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 1,4 million tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýär
Şu ýyl daýhanlar 690 müň gektar ýere bugdaý ekerler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen 3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar ekin meýdanyndan 2022-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen bugdaýynyň ýokary hilli we guramaçylykly ekilişi bilen birlikde, ähli görkezijileri, şol sanda çaklamalary göz öňünde tutup, dünýä däne bazarynda ýüze çykýan talaplary we islegleri öwrenmegiň möhümdigini belledi.

Şeýlelik bilen, Russiýanyň däne bileleşigi şu ýyl ýurtda däne hasylynyň ýygymyny baradaky çaklamasyny 118 million tonna, bugdaý barada bolsa 75 million tonna çenli azaltdy. Ilki bilen bileleşik bugdaý hasylyny 82-83 million tonna çenli ýygnalmagyny çaklaýardy.

Gazagystanda hem bugdaý hasylynyň 20% peselmegine we hasylyň 15 million tonna bolmagyna garaşylýar.

Halkara däne geňeşiniň ýakynda ýaýradan hasabatynda 2021-2022-nji ýyllaryň oba hojalyk möwsüminde dünýäde bugdaý önümçiligi baradaky çaklamasyny azaltdy.

Türkmenistan 10 ýyl mundan öň ilkinji gezek bugdaýy eksport edip başlady we eýýäm 2015-nji ýylda Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanan üstünlikleri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň azyk agentligi tarapyndan ýörite baýrak bilen sylaglandy.

2022