Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň çarşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşik Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Habara görä, geňeşmelere Türkmenistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Täjigistanyň, Pakistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gepleşigiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we tutuş sebitdäki häzirki ýagdaýlar bilen bagly bolan garaýyşlaryny beýan etdi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda: “Bu duşuşyk Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi hem-de bu ýurduň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda sebitleýin utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmegi ugrundaky mümkinçilik hökmünde kabul edilýär” diýip, bellenildi.
Ýekşenbe güni sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirilipdi. Gepleşigiň barşynda Owganystandaky häzirki ýagdaýlar hem-de halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalary ara alnyp maslahatlaşylypdy.