Baş türkmen diplomaty ministrleriň Owganystan boýunça gepleşigine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baş türkmen diplomaty ministrleriň Owganystan boýunça gepleşigine gatnaşdy
Türkmen tarapy owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajyplygyny belläp geçdi.

Ministrleriň Owganystan boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn gepleşigi geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar çarşenbe güni geçirilen nobatdaky gepleşigiň esasy mowzugy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi.

Maslahata gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Owganystandaky häzirki ýagdaýlar we halkara jemgyýetçiliginiň owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegindäki tagallalary babatda pikir alyşdylar.

Gepleşikde türkmen tarapy goňşy Owganystanda syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer nukdaýnazardan durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagynyň Türkmenistana gönüden-göni täsir edýändigini we munuň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmen tarapy Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy hem-de durmuş ulgamynyň durnuklylygyny, şeýle-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajyplygyny belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçen çarşenbe güni Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji ynsanperwerlik kömegi bolup durýandyr.