Türkmenistanda üç sany iri halkara çäre geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda üç sany iri halkara çäre geçiriler
V Hazar sammiti, Aktau, Gazagystan Respublikasy, 2018-nji ýylyň 12-nji awgusty

Türkmenistanda ýakyn wagtda üç sany halkara çäre geçiriler. Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa duşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habara görä, şu ýyl ýurdumyzda VI Hazar sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygy hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, degişli Guramaçylyk toparlaryny döretmek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Kararlara laýyklykda, Guramaçylyk toparlaryna ady agzalan çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini, şeýle hem bu babatda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynda goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hem-de abraýly sebitara we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady. Milli Liderimiz öňde boljak halkara forumyna degişli derejede taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

2022