“Türkmen hemrasy” ÝGPJ hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ “TürkmenÄlem52.0E” milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly ýurdymyzyň ähli çäklerinde zähmet çekýän kompaniýalara öz hyzmatlaryndan peýdalanmagy teklip edýär.

“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti daşary ýurt we ýerli kompaniýalar üçin emeli hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýa Türkmenistanyň giň geografik çäklerini, Garagum çölüni we daglyk ýerlerini göz öňünde tutup, optiki süýümli kanalyň ýok ýerlerinde emeli hemra arkaly giň zolakly internet toruna birikdirmäge mümkinçilik döredýär.

Daşary ýurt we ýerli kompaniýalar ýurdymyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýärler we olaryň alyp barýan iş ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlary örän wajyp orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ “TürkmenÄlem52.0E” milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly ýurdymyzyň ähli çäklerinde zähmet çekýän kompaniýalara öz hyzmatlaryndan peýdalanmagy teklip edýär.

Hyzmatlar; internet toruna girmekden, wideokonferensiýa we telefoniýa işlerini geçirmekden, giň zolakly internetden hem-de korporatiw tordan peýdalanmakdan, uzak aralykdan ulgamyň dolandyryşy we awtomatizasiýadan (SCADA, wideogözegçilik, telemetriýa we ş.m.), uzak aralykdan lukmanlaryň maslahat işlerini, uzak aralykdan okuw, uzak aralykdan maglumatlaryň alyş-çalyşygyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermekden ybaratdyr.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i gyzyklanma bildiren taraplara tiz we ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmegi kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Seýdi köçesi, 10-A jaýy

Tel: +993 12 921 836

Faks: +993 12 921 831

E-mail: info.turkmenhemrasy@online.tm

            sales.turkmenhemrasy@online.tm

Resmi internet sahypasy: turkmenhemrasy.gov.tm

2022