“Ak gaýa” gurluşyk harytlaryny GDA döwletlerine eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak gaýa” gurluşyk harytlaryny GDA döwletlerine eksport edýär
“Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti dört görnüşli gurluşyk garyndy serişdelerini öndürýär.

“Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän zawodynda öndürýän gurluşyk garyndy harytlaryny GDA döwletlerine eksport edýär. Kompanýa önümlerini esasan Russiýa, Gazagystana we Azerbaýjana iberýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergide kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna görä, kärhananyň ýylda 100 müň tonna gurluşyk harytlaryny öndürmäge mümkinçiligi bardyr.

Kompaniýa tarapyndan dört görnüşli gurluşyk garyndy serişdeleri öndürilýär. Olara perlitli suwag garyndysy, şpatlýowka (soňky gat), gurluşyk garyndysy (gips) we enjam bilen sepilýän şpatlýowka girýär. Olar 30 kilogram haltalara gaplanylýar.

Kompaniýa esasy çig malyny içerki bazardan alýar. Gurluşyk garyndylaryň hilini we täsirini güýçlendirmek üçin himiki goşundylar Germaniýa, Türkiýe, Ukraina we Günorta Koreýa döwletlerinden getirilýär.

“Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Balkan welaýatynda bina gurluşyk serişdelerini we gipsokartony öndürýän zawodyny açdy.

Zawod aýda gipsokartonyň 1 million inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr. Onuň uzynlygy 2,4 metr, ini 1,20 metre deň bolup, galyňlygy 9,5 millimetr bolan asma üçek üçin we 12,5 millimetr bolsa diwar üçin niýetlenendir. Bu gipsakartonlar 3 görnüşde, ýagny jaýyň içinde ulanylýan adaty ak, çyglylyga çydamly ýaşyl, şeýle-de ýangyna çydamly gyzyl reňklileri öndürilýär.

Mundan başga-da, kompaniýa tarapyndan ýakynda içerki we daşarky diwar boýaglary, dürli ölçeglerdäki plastik trubalar we iki görnüşli kabeller öndürilip başlandy.

2022