Türkmen kompaniýasy “Double glass” gün panellerini öndürmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy “Double glass” gün panellerini öndürmegi meýilleşdirýär
“Täze energiýa” HK Türkmenistanda gün panellerini öndürmek we ýerleşdirmek boýunça ygtyýarnama alan ilkinji hususy kärhanadyr.

“Täze energiýa” hususy kärhanasy “Double glass” aýna polikristally gün panellerini öndürmek üçin täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň direktory Nury Hydyrow duşenbe güni Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide resmi metbugata beren interwýusynda habar berdi.

Kompaniýanyň direktory täze panelleriň goşa aýnanyň ýardamy esasynda ýokary çyglylyga we aşa gyzgynlyga çydmlydygyny aýtdy.

Nury Haýdyrowyň bellemegine görä, kärhana häzirki wagtda taslamany durmuşa geçirmek üçin Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň senagat zolagynda ýer satyn aldy.

“Täze energiýa” 2015-nji ýyldan bäri gün panellerini gurnamak işleri bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň önümleri esasan hem Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşýän obalarda gurnalýar. Bu panelleriň ýardamy bilen uzak öri meýdanlarda guýulardan suw awtomatiki usulda çykarylýar we süýjedilýär hem-de hojalyk üçin gerekli elektrik energiýa öndürilýär.

Bu paneller “Altyn Asyr” ÝGPJ-ne “Altyn asyr” türkmen kölüniň çäklerini öýjükli aragatnaşyk bilen üpjün etmäge ýardam edýär.

“Täze energiýa” Türkmenistanda gün panellerini öndürmek we ýerleşdirmek boýunça ygtyýarnama alan ilkinji hususy kärhanadyr.

2022