Türkmen Lideri: Owganystandaky ýagdaýlar ideologiýasyz we fobiýasyz çemeleşmäni talap edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri: Owganystandaky ýagdaýlar ideologiýasyz we fobiýasyz çemeleşmäni talap edýär
Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, Aşgabat Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildirýär. (Surat: AP)

Owganystandaky ýagdaýlar ideologiki isleglerden, fobiýalardan we stereotiplerden azat çemeleşmäni talap edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine ugradan wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystandaky häzirki ýagdaýyň aňsat däldigini, ýurtda emele gelýän dolandyryş we jemgyýet edaralarynyň örän gowşakdygyny belledi. Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýa baha berlende sözde hem-de iş ýüzünde aşa durnuklylygyň, paýhaslylygyň, jogapkärçiligiň zerurlygyna ünsi çekdi.

“Çemeleşmeler düzülende biz ideologiki islegleri, öýke-kineleri, fobiýalary we stereotipleri aýyrmalydyrys, ilki bilen uruşlardan we durnuksyzlykdan ýadan, parahat hem-de asuda durmuşy arzuw edýän owgan halkyny göz öňüne tutmalydyrys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideo ýüzlenmesinde nygtady.

Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, Aşgabat Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildirýär.

“Biz Owganystandaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýäris we bu ýurtda täze hökümet edaralarynyň ähli owgan halkynyň bähbidine işleri alyp barjakdygyna umyt bildirýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. “Türkmenistan däp bolşy ýaly Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady goldaw we ynsanperwerlik kömegini ugratmagyny dowam eder” diýip, milli Liderimiz sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi awgust aýynyň ahyrynda ýurdumyzyň türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmegi, şeýle-de häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda Owganystana elektrik energiýasynyň ugradylmagyny dowam edýändigini habar berdi.

Sentýabr aýynyň başynda Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratdy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji ynsanperwerlik kömegi bolup durýandyr.

2022