“Bereketli” täze görnüşli şöhlatlaryň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Bereketli” täze görnüşli şöhlatlaryň önümçiligini ýola goýdy
Häzirki wagtda “Bereketli” hojalyk jemgyýetinde et we şöhlat önümleriniň 60-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

“Bereketli” hojalyk jemgyýeti şu ýyl täze görnüşli şöhlatlaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Habara görä, kärhana ogşuk etinden “Şatagam”, “Bitaraplyk”, “Akmaral”, kakadylan “Gülzar”, towuk etinden “Perganat”, “Altyn guş” diýlip atlandyrylan şöhlat önümlerini öndürip başlady.

Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetinde et we şöhlat önümleriniň 60-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olar gaýnadylan, ýarym kakadylan, kakadylan önümlerden ybarat bolup durýar.

Kärhananyň önümçilik zawodynda Ýewropanyň iri kompaniýalarynyň iň döwrebap enjamlary ornaşdyrylandyr. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Bereketli” hojalyk jemgyýeti ýakyn günlerde ogşuk etinden taýýarlanyljak milli gowurdagyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.