Türkmen Lideri: Aşgabat Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri: Aşgabat Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistan Owganystanyň täze hökümeti bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge we ol ýurtdaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin ýardam bermäge taýýardyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni TASS habar gullugynyň baş müdiriniň birinji orunbasary Mihail Gusman bilen geçirilen interwýusynda aýtdy.

“Biz Owganystandaky ýagdaýlaryň özgerişini we soňky wakalary üns merkezinde saklaýarys we ýurtda hökümetiň çalyşmagynyň umumymilli gepleşikler esasynda parahatçylykly durmuşa geçiriljekdigine umyt bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

“Däp bolan doganlyk türkmen-owgan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak, ýurtdaky ýagdaýyň ýakyn wagtda kadalaşdyrylmagy we onuň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmek maksady bilen zerur ýardamy bermek üçin Owganystanyň täze hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy belläsim gelýär” diýip, milli Liderimiz sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistan “oňyn Bitaraplyk derejesine” esaslanyp, “daşary ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazdan, diňe parahatçylykly daşary syýasatyny” alyp barýar diýdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda Owganystandaky ýagdaýlar ideologiki isleglerden, fobiýalardan we stereotiplerden azat çemeleşmäni talap edýändigini aýtdy. Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, Aşgabat Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022