CNPC kompaniýasyna “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde ýer berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
CNPC kompaniýasyna “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde ýer berildi
CNPC kompaniýasy Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitde önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk esasynda işleýär.

Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitinde ýerleşýän gaz känleriniň ýerüsti desgalaryna niýetlenen suw üpjünçilik ulgamlaryny çekmek üçin kärende ýer berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde degişli Buýruga gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, degişli işleri ýerine ýetirmek üçin umumy meýdany 26,55 gektar bolan ýeriň kärendä berilmegi boýunça taslamasyny wise-premýer Şahym Abdyrahmanow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Resminama laýyklykda, CNPC kompaniýasyna Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak üçin meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini, şeýle hem suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin meýdany 8,55 gektar ýer kärendä bermek bellenildi.

Suw toplanýan desgany gurmak üçin ýer Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwrüne çenli, suw geçirijini gurmak üçin ýer bolsa gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne çenli berler. Şeýle-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugyna Lebap welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýer bölegini bermek baradaky namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

Şu ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz käninde aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi. “Mawy ýangyjyň” goşmaça gorlaryny döretmäge mümkinçilik berýän bu taslamanyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Sentýabr aýynyň başynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gaz ýataklarynyň ýerüsti desgalarynyň gurluşygyna başlandy. Taslamanyň çäklerinde ýataklaryň altysy – Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga beriler. Bu taslama 24 aý dowam eder.

2022