Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalaryny we himiki serişdeleri satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistandan oba hojalyk tehnikalaryny we himiki serişdeleri satyn alar
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi oba hojalyk tehnikalaryny Özbegistanyň “Uzsanoateksport” kompaniýasyndan satyn alar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine özbek kärhanalaryndan oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini hem-de bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2022–2023-nji ýyllarda oba hojalyk gurallaryny hem-de traktor tirkeglerini satyn almak barada Özbegistanyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şeýle-de degişli ministrlik 2022–2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak barada Özbegistanyň “Ifoda Agro Kimyo Himoya” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşar.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 2022–2025-nji ýyllar aralygynda 512 müň tonna fosforit ununy satyn almak barada Özbegistanyň “Navoiy Milling” we Himiýa önümlerini satyn almak barada “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Ýokardaky ylalaşyklar şu ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisinde gazanyldy. Mejlisiň çäklerinde obasenagat toplumynda söwdanyň möçberlerini artdyrmaga, esasan hem, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

2022