Türkmenistanyň biržasynda $21 milliondan gowrak söwda boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda $21 milliondan gowrak söwda boldy
Daşary ýurtly telekeçiler TNGIZT-de öndürilen awiakerosini, A-95 kysymly ulag benzinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 21 million 218 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni güni habar berdi.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen awiakerosini, A-95 kysymly ulag benzinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de “Ýigit” hojalyk jemgyýetinde öndürilen pomidory hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen reňksiz aýna önümleri satyn alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekillerine bahasy 5 million 628 müň manatlykdan gowrak Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplügi ýerlenildi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 813 müň manatlyk TNGIZT-de öndürilen dürli görnüşli motor ýaglaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

2022