Türkmenistan BSGG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BSGG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär
BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge

Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen hyzmatdaşlygyny hasda ösdürmegi we berkitmegi maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen penşenbe güni Aşgabatda geçirilen duşuşygynda aýdyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BSGG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler, şeýle hem halkara gün tertibiniň saglygy goraýyş ulgamyndaky wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy BSGG-niň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktoryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli halkara meýdançalarynda saglygy goraýyş ulgamy boýunça öňe sürýän başlangyçlary hem-de teklipleri babatynda gürrüň berdi we ýurdumyzyň BSGG bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürmegi we berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Şeýle-de umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmagyň esasy şertiniň syýasylaşdyrmagy aradan aýyrmak bilen, ylmy diplomatiýanyň usullarynyň we serişdeleriniň giňden ulanylmagyna esaslanyp, BMG-niň ähli agza döwletleriniň hem-de edaralarynyň jebisleşmesi bolup durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar anna güni Aşgabatda geçiriljek “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlarynyň halkara maslahatynyň saglygy goraýyş ugrunda ulgamlaýyn pikir alyşmak we hünär tejribesi bilen paýlaşmak üçin gerekli şertleri döretmekdäki ähmiýetini belläp geçdiler.

Şu ýylyň iýul aýynyň ahyrynda BSGG Türkmenistana COVID-19 ýokanjyny anyklamak maksady bilen barlag geçirmek mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze laboratoriýa enjamlaryny gowşurdy. Bu gelip gowşan enjamlar BSGG-niň Türkmenistandaky edarasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pandemiýa garşy taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegi boýunça hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.

2022