Türki geňeşiň döwletleri Türkmenistana synçy derejesiniň berilmegini goldadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türki geňeşiň döwletleri Türkmenistana synçy derejesiniň berilmegini goldadylar
Häzirki wagtda Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe we Özbegistan Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeşiň) agza döwletleriniň ählisi Türkmenistana Geňeşde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldadylar. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ugradan hatynda mälim etdi.

“Biz Türkmenistanyň bu guramada synçy derejesini almak baradaky çözgüdine örän şatdyrys. Başlyklyk edýän ýurt hökmünde Azerbaýjan Siziň ýüzlenmäňizi geňeşe agza döwletlere iberdi” diýip, Ilham Aliýew ugradan hatynda nygtady. Türkmenistanyň resmi metbugaty Azerbaýjanyň Prezidentiniň öz türkmen kärdeşine ugradan hatyny penşenbe güni çap etdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçiriljek VIII sammitine synçy döwlet hökmünde gatnaşmagyna örän şat boljakdygyny Azerbaýjanyň Baştutany hatynda belleýär.

Mundan başga-da, Azerbaýjanyň Lideri Türkmenistanyň bu çözgüdiniň türki dilli dünýäde jebisligiň we raýdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna hem-de Türki geňeşiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda döredildi. Häzirki wagtda Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Türkiýe we Özbegistan Geňeşiň agzalary bolup durýar.

2022