Türkmenistanda Internet hyzmatlary nähili görnüşde amala aşyrylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Internet hyzmatlary nähili görnüşde amala aşyrylýar?
Internet-hyzmatlaryny bermegiň esasy wezipeleriniň biri habary köpçülikleýin ýaýratmakdan ybaratdyr.

Internet-hyzmatlary – Internet torunyň kanallary boýunça maglumatlary bermek ýa-da kabul etmek arkaly edilýän hyzmatlardyr. Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar.

Internet-hyzmatlaryny etmek boýunça fiziki we ýuridik şahslaryň işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Şu aşakdakylar internet-hyzmatlaryny bermek boýunça işiň çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr:

  • Internet torlaryna birikdirilen, kompýuter enjamlaryny peýdalanmakda berilýän döwlet we döwlete dahylsyz gurluşlaryň infrastrukturasyny döretmek we saklamak arkaly Internet toruna birikdirmegiň hyzmatlaryna ählumumy we deň elýeterliligi üpjün etmek;
  • ilatyň durmuş taýdan goralmaga degişli gatlaklaryna internet- hyzmatlary edilende ýeňillikleri bermek;
  • Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, bilim we kitaphana edaralarynyň torlaryny we raýatlaryň olara ählumumy elýeterliligini bermek üçin torlary we maglumat serişdelerini Internet torunda döretmek we ornaşdyrmak;
  • her bir raýatyň zähmet çekmäge bolan hukugyny ýokary derejede doly durmuşa geçirmek üçin işgärleri iş bilen üpjün etmegiň distansion görnüşleriniň ösdürilmegine, şeýle hem zähmete ukyplylygy çäklendirilen adamlaryň zähmet proseslerine gatnaşmaklaryna ýardam etmek;
  • internet-hyzmatlaryny etmegiň barşynda döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek;
  • tehnologiýalaryň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň üýtgemegini hasaba almak bilen olary peýdalanmak babatda internet-hyzmatlaryny etmek boýunça işi hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň mehanizmini öz wagtynda kämilleşdirmek.

Internet-hyzmatlaryny etmek üçin ulanylýan programmalaýyn serişdeleriň we tehniki enjamlaryň sertifikatlaşdyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Internet-hyzmatlaryny bermegiň esasy wezipeleriniň biri habary köpçülikleýin ýaýratmakdan ybaratdyr. Internet mahabaty köpçülikleýin habary ýaýratmakda möhüm orny eýeleýär. Mahabatyň elektron görnüşi, çap görnüşine garanyňda ähli ýerlere tiz ýaýraýar. Şeýle-de mahabaty ýaradyjynyň ykdysady ýagdaýy üçin düýpli ähmiýeti bar.

Internet torunda köpçülikleýin habary ýaýratmagyň görnüşi hökmünde özbaşdak tor neşiri çykyş edip biler.

“.TM” ýokarky derejeli milli domende domen atlary we internet saýtlary Milli bellige alyjy tarapyndan bellige alynýar.

Çeşme: “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022