Türkmenistan CICA-nyň BMG we YHG bilen ýakyndan işleşmegini teklip edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan CICA-nyň BMG we YHG bilen ýakyndan işleşmegini teklip edýär
Daşary işler ministrleriniň duşuşygynda taraplar halkara we sebitleýin gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça işjeň pikir alyşdylar. (Surat: Gazagystanyň DIM-i)

Gazagystanyň baştutanlygynda sişenbe güni Nur-Soltan şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gibrid formatda geçirilen çärä agza döwletleriň wekilleri we synçylary, hem-de Geňeşiň synçy guramalarynyň ýolbaşçylary we hyzmatdaşlary gatnaşdylar.

Daşary işler ministrleriniň duşuşygynda taraplar halkara we sebitleýin gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça işjeň pikir alyşdylar. Şeýle-de Guramanyň çäginde agza döwletleriň ileri tutulýan ugurlarynda özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda halkara guramalaryň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak üçin berýän ýardamynyň ähmiýeti barada bellenildi. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşe synçy-ýurt hökmünde goşulmagyny gutladylar.

Türkmenistana bu Guramada synçy-ýurt derejesiniň berilmeginiň derwaýyslygyny nygtamak bilen, Meredow ýurdumyzyň Geňeşiň işiniň esaslanýan ýörelgelerini hem-de wezipelerini goldaýandygyny beýan etdi. 

Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Geňeşiň agza-ýurtlaryna bilelikde alnyp barylýan işler babatynda minnetdarlygyny bildirip, olary 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy” atly Halkara maslahatyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Ministriň aýtmagyna görä, türkmen tarapy umumy wezipeleriň hem-de gymmatlyklaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň BMG, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly guramalar bilen özara hereketleriniň giňeldilmegini teklip etdi. Mundan başga-da, türkmen tarapynyň birnäçe teklipleri hem-de BMG-niň işiniň ileri tutulýan bäş sany ölçegi boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň çäklerindäki geljekgi ugurlar beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Guramanyň çäginde bilelikde işjeň gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar we Gazagystanyň 2022-nji ýylda altynjy Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň sammitini geçirmek babatdaky başlangyjyny makulladylar. Çäräniň netijesinde birnäçe resminamalar kabul edildi.