Azerbaýjan gämisi türkmen karbamidini Bolgariýa daşaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan gämisi türkmen karbamidini Bolgariýa daşaýar
“Natawan” gury ýük gämisi 2014-nji ýyldan bäri gatnawlary amala aşyrýar. (Surat: Trend)

Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasynyň (ASCO) “Natawan” gury ýük gämisi Bektaş portundan Bolgariýanyň Warna portuna türkmen karbamidini daşaýar. Bu barada Azerbaýjanyň ASCO kompaniýasyna salgylanyp, ýurduň “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Habara görä, gämi abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, Hazar deňzinden daşarky suwlara ilkinji ýüzüşini amala aşyrýar.

Şeýle hem kompaniýa gäminiň esasy palubasynda we onuň tehniki bölüminde abatlaýyş işleriniň dowamynda elektrik geçirijileriniň gurluşyk-gurnama we kebşirleýiş işleriniň, suwasty we ýerüsti böleklerinde arassalaýyş we boýag, sorujy hem-de turba ulgamlarynda abatlaýyş işleriniň geçirilendigini belleýär.

Gämi ähli degişli barlaglardan geçirilip, Hazar deňzinden daşarky suwlarda ýük daşamak üçin işe girizildi diýip, habarda bellenilýär.

“Natawan” gury ýük gämisi 2014-nji ýyldan bäri gatnawlary amala aşyrýar. Ýük göterijiligi 5,2 müň tonna barabar bolan gäminiň uzynlygy 108 metr, ini bolsa 16,74 metre deňdir.