“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti BMG-nyň Dünyä Iýmit Meýilnamasynyň (WFP) Türkiýeden Owganystana iberen ununyň Türkmenistanyň çäginden demirýol arkaly daşalmagyny ýola goýdy.
TULM-yň sişenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, umumy mukdary 3 müň 500 tonna barabar bolan un wagonlara ýüklenip, 14-nji oktaýbrda Owganystana ugradyldy. Otly 4 müň 789 kilometr aralygy 15 günde geçer.
Stambul şäherinde ýola çykan otly Eýran-Türkmenistan demirýoly arkaly ýurdumyzyň Etrek stansiýasyna geldi. Stansiýada unlar TULM kompaniýasynyň ýükleme-düşürme hyzmatlary arkaly türkmen wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradyldy.
BMG-nyň garamagynda amala aşyrylýan bu çäräniň birinji tapgyrynda 20 müň tonna unyň ugradylmagy göz öňünde tutulýar. Geljekde ugradyljak unuň mukdaryny 50 müň tonna çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
TULM-yň belleýişi ýaly, geljekde Türkiýeden Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýular.
TULM AGPJ 2018-nji ýylyň iýul aýynda döredildi. TULM-yň döredilmeginiň maksady Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmakdan, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmaga ýardam bermekden hem-de üstaşyr, eksport-import ýükleri ugradyjydan alyja eltmekde ýerlikli logistiki çözgütleri işläp düzmekden ybaratdyr.