Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär
Türkmen tarapy FAO-nyň işine ýokary baha bermek bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlylygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Sebitleýin edarasynyň Direktory Wiorel Gusu bilen penşenbe güni göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşigi geçirildi. Gepleşikde taraplaryň FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy boýunça özara hereketlerini işjeňleşdirmäge taýýardyklary nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň FAO bilen özara hereketleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Guramanyň işine ýokary baha bermek bilen oba hojalygynyň durnukly ösüşiniň we azyk howpsuzlygyny goramak boýunça çäreleri gowulandyrmak babatda dünýä tejribeleriniň ulanylmagyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlylygyny beýan etdi.

Taraplar bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň işlenilip düzülmegi hem-de olaryň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatynda pikirleri alyşdylar. Mundan başga-da FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy boýunça özara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny bellediler.

Gepleşigiň dowamynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Sebitleýin edarasynyň Direktory 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy.

FAO BMG-nyň ýöriteleşdirilen gurmasy bolup, onuň esasy maksady dünýäde azyk howpsuzlygyny we ilatyň ýokary hilli iýmitlere yzygiderli elýeterliligini üpjün etmekdir. FAO-nyň düzümine 194 döwlet agza bolup, ol 130 döwletde hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022