Türkmenistanda 224 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda 224 müň tonna şugundyr hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär
Şu möwsümde ýygnalmaly şugundyr hasyly diňe bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde ýetişdirildi.

Türkmenistanda daýhanlar gant şugundyr hasylyny ýygnamaga girişdiler. Ýurdumyzda şugundyry gaýtadan işleýän ýeketäk “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 224 müň tonna şugundyr hasylyny kabul etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty geçen anna güni habar berdi.

Habara görä, şu ýyl Mary welaýatyň 10 etrabynda jemi 14 müň 900 gektar ýere şugundyr ekildi. Welaýatda bu ekin üçin bölünip berlen 5 müň gektar ýer Garagum etrabyna degişlidir. Şugundyr ekinini täze özleşdirip başlan Tagtabazar etrabynyň daýhanlaryna bolsa 200 gektar ýer bölünip berildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Serdar, Bereket, Esenguly, Etrek we Magtymguly etraplarynda jemi 3 müň gektar ýerde şugundyr hasylyny ýygnamak işine girişildi.

Şu möwsümde ýygnalmaly şugundyr hasyly diňe bugdaýdan boşan meýdanlarda ikinji hasyl hökmünde ýetişdirildi.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynda şugundyry gaýtadan işlemäge niýetlenen ýene bir kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň  işe girizilmegi geljekde şugundyr ekilýän meýdanlary giňeltmäge we şeker hem-de süýji önümleriniň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmaga mümkinçilik berer.

2022